Zehinli okuwçylar ýüze çykaryldy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly döwrümize mynasyp kämil nesli kemala getirmek baradaky atalyk aladalaryndan ugur alyp, çagalaryň zehinini açmak we ösdürmek, olary ýaşlykdan ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça mekdepde alýan bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak maksady bilen, orta mekdepleriň we ýokary hünär okuw mekdepleriniň arasynda ysnyşykly aragatnaşygy ýola goýuldy.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 5-12-nji ýanwary aralygynda Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda biologiýa, himiýa, matematika, fizika we Türkmenistanyň taryhy derslerinden ders bäsleşigi geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen ders bäsleşiginiň esasy maksady mekdep okuwçylaryň zehinini açmak we ösdürmek hem-de mekdep okuwçylaryny ýaşlykdan ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça mekdepde alýan bilimlerini çuňlaşdyrmak şeýle-de bilim bermegiň hil derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda okuwçylary döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, okuwçylaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, mekdep okuwçylaryny hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmekden ybaratdyr.

Türkmen oba hojalyk institutynyň bilim portaly arkaly test görnüşinde geçirilýän ders bäsleşigine bu ýokary okuw mekdebine berkidilen Daşoguz şäheriniň 10, 12, 21, 24, 26-njy, Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary işjeň gatnaşýarlar.

Ders bäsleşigiň ýeňijileri şahsy bäsleşikde toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlener. Şu günler dowam edýän bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdiriler we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijiler yglan ediler. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdiriler.

Ýakyn günlerde jemleri jemlenjek ders bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.