Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletimiz agzybir,asuda hem abadan durmuşda ýaşaýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň gülläp ösmegine gönükdirlen möhüm ähmiýetli işler barha ilerleýär. Beýik şahyr, söz ussady Pyragynyň adamzat kowmunyň ömrüne hem-de ýoluna nur saçýar, halklary birek-birege ýakynlaşdyrýar, ölmez-ýitmez eserleri ylmy esasda içgin öwrenilýär. Şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Halkara derejesinde jemgyýetçiligiň ünsüni çekýän söz ussadynyň edebi mirasy dünýä derejesinde wagyz edilýär. Bu ugurda dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen medeni hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ” atly şygar bilen atlandyrylmagy hem ýöne yerden däl, çünki bu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda baýram ediler. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldary, öz döwrüniň beýik şahsyýeti Pyragynyň agzybirligi, asudalygy, jebisligi, abadançylygy, ynsanperwerlidi, we milliligi, halallygy, watansöýüjiligi ündeýän eserlerine uly hormat goýýar. Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi döredijiligi şahyrlaryň şygyr setirlerinde hem wasp edilýär.
Watanyn, halkyny janyndan söýen,
Agzybir, jebis il arzuwlap gezen,
Watana söýgüsi süňňüne guýlan,
Şygyrlaryň kalba joşgun Pyragy,
Şanly toýuň gutly bolsun Pyragy
Şeýle bagtyýar döwürde “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda milli mirasymyzy, medeniýetimizi, edebiýatymyzy ösdürmekde, dana Pyragynyň gymmatly eserlerini dünýä ýaýmakda, ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek ugrunda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Akmyrat Çaryýargulyýew
Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary(oba hojalygynda) tayyarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby