Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň “Owaz” kamera orkestriniň baýramçylyk konserti geçirildi

Medeniýete, sungata öz ykbalny baglan zehinli talyplardan düzülen bu kamera orkestriniň Türkmen oba hojalyk institutynda guran aýdym-sazly baýramçylyk konsertine institutyň mugallymlary hem-de bagtyýar talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň “Owaz” kamera orkestriniň ýerine ýetiren belli kompazitorlaryň döreden nusgawy we milli sazlary, türkmen halk we milli aýdymlary bilen birlikde dessanlarymyzdan parçalar we aýdym sazlar talyp ýaşlara ruhy lezzet paýlady. Şeýle-de dabara sungat ugrundan bilim berýän halypa mugallymlar biziň opera sungatymyzyň köpöwüşginleri, olarda halkyň ruhunyň bardygy barada giňişleýin belläp geçdiler.

Aýratyn nygtamaly zatlaryň biri-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň “Owaz” kamera orkestriniň baýramçylyk konsertinde türkmen milli aýdym-sazlary bilen birlikde dünýä belli kompazitorlaryň döreden mukamlarynyň ýaňlanmagydyr.

Şatlyk-şowhuna beslenen aýdym-sazly baýramçylyk konsertiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.