TALYPLAR ÖNÜMÇILIKDE KÄMILLEŞÝÄRLER

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikler arkaly çuň özleşdirmekde Daşoguz welaýatynyň öňdebaryjy hojalyklarynda bolup yzygiderli kämilleşýärler. Agronomçylyk hünäriniň talyplarynyň Arpalaryň ösüş aýratynlyklary, baldaklarynyň we kök ulgamynyň ýaýraýyşy, şahalanyşy bilen içgin gyzyklanmagy geljekde ele aljak hünärleri boýunça özleriniň hünärlerini artdyrmakda aýratyn ähmiýetli boldy.

Gidromeliorasiýa hem-de Gidromelioratiw ulgamlaryň ulanylyşy hünärleriniň talyplary ot-ýmlik ekin bolan Arpa ösüp oturan meýdanlarda bolup, ýagyş ýagdyrjy enjam arkaly maýsalara ýuwuş suwunyň tutulyş aýratynlygy bilen içgin tanyş boldular.

Bu bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylym-bilim bilen önümçiligiň utgaşykly alnyp barmakda döwrebap tehnikalaryň, telematik ulgamlaryň aýratyn ähmiýetlidigine doly şaýatlyk edýär.

Bu ýerde halypa mugallymlar hem-de tejribeli telematik ulgam bilen doly enjamlaşdyrylan ýagyş ýagdyryjy suwaryş enjamlarda ekinlere ilkinji ösüş suwunyň tutulmagynyň möhüm ähmiýetlidigini bellemek bilen özleriniň degerli maslahatlaryny berdiler.

Şeýle bagtdan paýly bagtyýar talyp ýaşlar özleri barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.