ROWAÇLY ÖSÜŞLERDEN RUHLANÝAN ZENANLAR

Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Daşoguz welaýatynyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mährem eneler, ýokary okuw mekdebiniň zenan mugallymlary hem-de talyp gyzlary gatnaşyp edilen çykyşlarda ykballaryň göterilip, arzuwlaryň myrat tapýan ajaýyp zamanamyzda mährem enelerimiziň, zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň abraýynyň, sarpasynyň, mertebesiniň has belende galýandygy, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlara goýulýan hormat-sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Hakykatdan hem Zenan kalby tutuşlygyna gözellige eýlenen. Onuň göwün gözelligi elmydama şatlykdan, mähirden, söýgüden, ýagşylykdan püre-pür. Sebäbi biziň bagtyýarlyk zamanamyz zenan görki bilen gözeldir. Olarda durmuşa bolan söýgini, töweregindäkilere bolan gowy garaýşy, sylaşykly gatnaşygy döredip terbiýeleýär.

Şeýle-de çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gadymy däp-dessurlarymyzyň belende göterilýän, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň artýan döwrüne öwrülendigi, hem-de gelin-gyzlarymyzyň deňsiz-taýsyz el işleriniň milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidigi nygtaldy.

Institutyň dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan milli we halk aýdymlarymyz wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylara egsilmez ruihubelentlik paýlady.

Dabara gatnaşyjylar Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.