METEOROLOGIÝA WE KLIMATOLOGIÝA BOÝUNÇA DERS BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-parasatyndan rowaçlanýan ýurdumyz dünýäniň çalt depginde ösýän öňdebaryjy döwletleriň birine öwrüldi. Çünki ýurdumyzda zähmet we durmuş üpjünçilik kanunçylygyny berkitmekde saglyk we bilim ulgamlarynyň işini kämilleşdirmekde hem-de dünýä ülňülerine laýyk getirmekde bahasyna ýetip bolmajak beýik işler alnyp barylýar.

Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda “Ekologik bilimleriň” gününe bagyşlanyp “Meteorologiýa we Klimatologiýa” boýunça ders bäsleşigi geçirildi.

Ders bäsleşiginiň esasy maksady, talyplaryň institutda okaýan döwründe Agrometeorologiýa hem-de Klimatologiýa dersleri boýunça alan hünär bilimlerine we başarnyklaryna baha bermek, hünär ukyplaryny ýokarlandyrmaga goşant goşmak, döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek, şeýle-de nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmekden ybaratdyr.

Bäsleşige Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Agronomçylyk fakultetlerinden jemi 54 talyp gatnaşdy. Talyplara Agrometeorologiýa hem-de Klimatologiýa dersleriň esasy düşünjelerine we amaly meselelerine degişli bolan 50 sany test soraglary berildi. Gatnaşyjylar test soraglaryna institutyň bilim portaly arkaly kompýuterde jogap berdiler.

Bäsleşigiň netijesi boýunça şahsy ýeňijiler belli edildi, olar:

T/b Talyplaryň ady we familiýasy Hünäri we ýyly Gazanan baly Orun
1 Döwletow Atajan Gidromeliorasiýa, II 46 I
2 Öwezmyradowa Gyzylgül Gidromeliorasiýa, II 45 I
3 Gummanowa Maýa Gidromeliorasiýa, II 44 I
4 Saparow Begli Gidromeliorasiýa, II 41 II
5 Begmedow Gutlymyrat Ýer gurluşygy we kadastry, II 40 II
6 Öräýew Rejepmyrat Gidromeliorasiýa, I 40 II
7 Rahmedowa Çeper Agronomçylyk, I 39 III
8 Rozykulyýew Bazarbaý Gidromeliorasiýa, II 38 III
9 Rüstemowa Gunça Gidromeliorasiýa, III 37 III

Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmäge, barha ösýän jemgyýetde başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň hünäri boýunça öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge, olaryň alan nazary bilimlerine daýanyp, hünär ussatlygyny has-da ösdürmäge itergi berer.

Ders bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen oba hojalyk institutyň I, II we III derejeli diplomlary hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Babageldi KURBANOW
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri,
TAP-nyň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy

Saparmyrat BABAJANOW
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy