ÖMRIŇ MANYSYNYŇ BEÝANY

Eziz Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmaýan gymmatly serpaý boldy. Hajy Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän bu kitap çuňňur filosofik many-mazmunly, taryhy, medeni we geografik ensiklopediýadyr.

Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Arkadagymyzyň çuň zehininden, baý durmuş tejribesinden dörän täze kitabynyň many-mazmun aýratynlygy, ýaş nesilleri belent adamkärçilik, zähmetsöýerlik, watanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, halkymyzyň ömri manyly ýaşamak, ýagşylyk etmek, haýyr-sahawatly işler bilen meşgul bolmak, özüňden ýagşy at galdyrmak ýaly asylly ýol-ýörelgelerini ýaşlara öwretmekdäki gymmaty barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Täze neşiriň sahypalarynda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan däp-dessurlar, urp-adatlar, kadalar, mukaddes ýörelgeler jikme-jik beýan edilýär.

Şatlyk-şowhuna beslenen bu tanyşdyrylyş dabarasynda institutyň dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren aýdymlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu günki dünýä ýüzündäki abraýy, milli gymmatlyklarymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň eziz Türkmenistany gülledip ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň giň gerimli beýany aýdyň şöhlelenip köňüllere nur bagyşlady.

Dabaranyň ahyrynda Eziz Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny, alkyş sözlerine aýdyp, Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başynyň dik, janynyň sag, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.